HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Noýabr 09, 2026 | 22:31 |3855
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2026-njy ýylyň 09-27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara çäre dört ýylda bir gezek geçirilip, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan HTB-niň ýokary derejeli çözgütleri kabul ediji forumydyr.

turkmenistanyn-wekiliyeti-halkara-telekommunikasiya-bilelesiginin-doly-ygtyyarly-wekillerinin-maslahatyna-gatnasyar

Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu gün maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Estoniýanyň Adalat we sanly işler boýunça ministri hanym Liisa-Ly Pakosta bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri boýunça pikir alyşdylar hem-de telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine garadylar.

turkmenistanyn-wekiliyeti-halkara-telekommunikasiya-bilelesiginin-doly-ygtyyarly-wekillerinin-maslahatyna-gatnasyar

Şeýle hem Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň bu iri halkara maslahata gatnaşmagy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Maslahat öz işini dowam etdirýär.

turkmenistanyn-wekiliyeti-halkara-telekommunikasiya-bilelesiginin-doly-ygtyyarly-wekillerinin-maslahatyna-gatnasyar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026