HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bratislawada türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

Iýul 17, 2024 | 22:20 |11066
Türkmenistan we Slowakiýa ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin hökümetara ylalaşygy baglaşmak üçin iş alyp barýarlarTürkmenistan we Slowakiýa ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin hökümetara ylalaşygy baglaşmak üçin iş alyp barýarlar
Çeşme: mzv.sk

Türkmenistan we Slowakiýa ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin Hökümetara ylalaşygy baglaşmak üçin iş alyp barýarlar

2024-nji ýylyň 17-nji iýuly, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň we ýewropa işleri boýunça Döwlet sekretary Marek Eştok bilen Bratislawada bolan duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.

“Biz Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň strategiki taýdan möhüm ýurt hökmünde ähmiýetlidigi bilýäris. Şol sebäpden, soňky ýyllarda ýetmezçilik edýän syýasy we ykdysady gepleşikleri goldamak we janlandyrmak isleýäris "- diýdip Eştok aýtdy.

Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşygyň taslamasy taýýarlanýar. Onuň netijesi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin hakykat ýüzünde mümkinçilikleri kesgitlär - diýip Slowakiýanyň diplomatik gullugynyň habarynda aýdylýar.

17072024-Estok-Gurbanov-bratislava-turkmenistan (2).jpg

Döwlet sekretary, Slowakiýanyň Türkmenistana suw serişdelerini dolandyrmakda öz tejribelerini we nou-hau hödürlemäge taýýardygyny aýtdy we Slowakiýanyň kompaniýalarynyň bu ugurda eýýäm Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Taraplar azyk, energiýa, senagat we syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini hem görýärler.

Şeýle hem Bratislawada A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Parlamentiň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.

Syýasy-diplomatik çygyrda ýokary derejeli saparlary goşmak bilen yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy, şol sanda ýokary derejeli gatnaşyklary, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy öz içine alýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylda Bratislawada geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Bulardan başga-da iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurda hymatdaşlyk etmek, şol sanda talyp alyş-çalyşygyny guramak, şeýle hem özara medeni çäreleri geçirmek meselelerine üns berdiler, diýip gullugyň habarynda beýän edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026