HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaý dünýäde iň iri gök bazaryny gurar

Iýul 12, 2024 | 09:50 |9089
BAE-niň wise-prezidenti, premýer ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum azyk önümleriniň söwdasy üçin dünýäde iň iri logistika merkeziniň döredilýändigini habar berdi.BAE-niň wise-prezidenti, premýer ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum azyk önümleriniň söwdasy üçin dünýäde iň iri logistika merkeziniň döredilýändigini habar berdi.
Çeşme: arabianbusiness.com

BAE-niň wise-prezidenti, premýer ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum azyk önümleriniň söwdasy üçin dünýäde iň iri logistika merkeziniň döredilýändigini habar berdi.

Bu başlangyç emirligiň maýa goýuma ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça strategiýasy bilen utgaşýar hem-de Dubaýyň D33 ykdysady maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Bu maksatnama geljek 10 ýylyň içinde Dubaýyň ykdysadyýetini iki esse artdyrmaga we dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen 3 şäheriniň arasynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu taslama şeýle-de Dubaýyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ol degişli ylalaşygyň çäklerinde DP World kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum Dubaýyň strategik taýdan amatly ýerleşmeginiň we ösen infrastrukturasynyň bolmagynyň iri kompaniýalary özüne çekýändigini belledi. Emirlik dürli ulgamlarda eksport we üstaşyr eksport amallary üçin merkez bolmaga çalyşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026