HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň täze zawody adamsyz işläp biler

Iýul 10, 2024 | 09:45 |10730
Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň Pekindäki täze zawody bir gije-gündizde 24 sagatlap adamsyz işläp biler diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun aýtdy.Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň Pekindäki täze zawody bir gije-gündizde 24 sagatlap adamsyz işläp biler diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun aýtdy.
Çeşme: ixbt.com

Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň Pekindäki täze zawody bir-gije gündizde 24 sagatlap adamsyz işläp biler diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun aýtdy.

Onuň bellemegine görä, 81 müň inedördül metr meýdany eýeleýän zawod sekuntda 1 smartfon öndürmäge ukyplydyr. Hususan-da, bu zawod Xiaomi MIX Fold 4 hem-de Xiaomi MIX Flip eplenýän smartfonlary öndürer.

Kärhanadaky enjamlar özara baglanyşykda bolarlar. Zawod mikron derejesinde arassaçylygy özbaşdak üpjün eder. Önümiň hiline Xiaominiň özbaşdak işläp taýýarlan intellektual enjamlary gözegçilik eder.

Zawodda ykjam telefonlary öndürmek boýunça 11 önümhana, şeýle hem awtoulaglaryň elektron ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän önümhanalar ornaşdyryldy.

Xiaomi täze zawodda 330 million dollar maýa serişdesini goýdy. Ol “Intellektual önümçiligiň milli etalon kärhanasy” diýlip sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 10 million sany smartfona deňdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026