HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Timar: Türkmenistanda mebel aksessuarlar bazarynyň öňdebaryjysy öz iş gerimini giňeldýär

Iýul 08, 2024 | 00:22 |17516
“Timar” kompaniýasy mebel aksessuarlarynyň dürli görnüşlerini hem-de ýokary hilli önümleri hödürleýär. Häzirki wagtda bu dukanlar tory tutuş ýurd boýunça müşderileriň isleglerine laýyk hyzmatlary hem-de innowasiýa çözgütleri bilen meşhurdyr.“Timar” kompaniýasy mebel aksessuarlarynyň dürli görnüşlerini hem-de ýokary hilli önümleri hödürleýär. Häzirki wagtda bu dukanlar tory tutuş ýurd boýunça müşderileriň isleglerine laýyk hyzmatlary hem-de innowasiýa çözgütleri bilen meşhurdyr.
Çeşme: timar_market

“Timar” kompaniýasy mebel aksessuarlarynyň dürli görnüşlerini hem-de ýokary hilli önümleri hödürleýär. Häzirki wagtda bu dukanlar tory tutuş ýurd boýunça müşderileriň isleglerine laýyk hyzmatlary hem-de innowasiýa çözgütleri bilen meşhurdyr.

Kompaniýanyň döreýiş taryhy we alyp barýan işi

07072024-timar-orient (1).jpg

“Timar” kompaniýasy öz işine 2011-nji ýylda başlady hem-de Türkmenistanda mebel aksessuarlaryny getirýän, mebel üçin taýýar çözgütleri, dekory we harytlary hödürleýän ilkinji kompaniýa boldy. Kompaniýanyň alyjylara hödürleýän önümleri öýleri we edaralary has owadan we amatly görnüşe getirýär. Şol ýyllardan bäri “Timar” kompaniýasynyň dükanlar tory giňedi, olar Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda, balkanabatda we Ýolötende ýerleýşärler. Ýakyn wagtlarda kompaniýa Daşoguzda we Türkmenbaşy şäherlerinde, ýurduň beýleki künjeklerinde täze dukanlary açmagy meýilleşdirýär.

07072024-timar-orient (2).jpg

Harytlaryň görnüşleri we anyk müşderi üçin çözgütler

“Timar” kompaniýasy “sargyt boýunça” mebel barada gürrüň gidende, örän meşhurdyr. Kompaniýa dürli aksessuarlar bilen bir hatarda, taýýar mebeliň daşky görnüşine hem-de ulanylyşyna düýpli täsir edýän olaryň tutawaçlary, petleleri, beýleki detallary hödürleýär. Häzirki döwrüň alyjylary öz şahsy isleglerine hem-de maliýe mümkinçiliklerine laýyklykda mebelleri sargyt edýärler.

07072024-timar-orient (5).jpg

“Timar” kompaniýasy bolsa olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýar.

07072024-timar-orient (3).jpg

Müşderileriň göwnüni tapmak hem-de onlaýn satuw maksatnamasy

“Timar” kompaniýasy hemişelik müşderileri üçin nyrh ýeňilliklerini berýän toplaýyş kartalary bolan müşderileriň göwnüni tapmak maksatnamasyny hödürleýär, olar harytlara 5 göterim we ondan hem ýokary arzanladyş ulgamyny üpjün edýär. Şeýle hem kompaniýa öz www.timar.сom.tm. saýtynyň üsti bilen onlaýn görnüşdäki satuwy işjeň ösdürýär, munuň özi alyjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär.

Şeýlelikde, “Timar” kompaniýasy ösüşini hem-de ýokary hilli mebel aksessuarlary we hyzmatdy bilen öz müşderilerini şatlandyrmagy dowam edýär, Türkmenistanyň bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar.

07072024-timar-orient (9).JPG

Kompaniýa bilen habarlaşmak üçin:

Тел: +99312753125, +99362300168

Instagram: timar- market

TikTok: timar-market

07072024-timar-orient (10).JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026