HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistan - Türkmenistan: işewürlik arkaly hyzmatdaşlygyň köprüsini berkitmek

Iýul 04, 2024 | 16:30 |28664
Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Niýatbekzoda Vafo bilen söhbetdeşlikde söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine we ykdysadyýetiň hususy bölegine berilýän ünsi barada bellenip geçilýär.Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Niýatbekzoda Vafo bilen söhbetdeşlikde söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine we ykdysadyýetiň hususy bölegine berilýän ünsi barada bellenip geçilýär.
Çeşme: Orient.tm

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Niýatbekzoda Vafo bilen söhbetdeşlikde söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine we ykdysadyýetiň hususy bölegine berilýän ünsi barada bellenip geçilýär.

Onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan we Täjigistan her bir tarapyň bähbidini we bir-birege hormatyny göz öňünde tutup, döwletara gatnaşyklary gurýarlar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar iki dostlukly döwletiň işewür gurluşlarynyň ösýän işjeňligi sebäpli hil taýdan täze derejä çykýar.

Söhbetdeşlikde esasan iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşylýar. Bu gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösmeginiň geljegi üçin mümkinçilikler we täze ýollary barada aýdylýar.

Täjigistan bilen söwda edýän türkmen telekeçileri üçin peýdaly çeşmeler:

  • Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy https://mfa.tj/ru/ashgabat

  • Täjigistanyň söwda portaly https://tajtrade.tj/ - ygtybarly onlaýn platforma bolup hyzmat edýär: bu ýerde Türkmenistandan telekeçiler öz önümleri üçin gyzyklanýan hyzmatdaşlary we satyn alyjylary tapyp bilerler.

  • Täjigistanyň Söwda-senagat palatasy https://tpp.tj/en - daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, her çärýekde metbugat konferensiýalaryny geçirýär we hyzmatdaşlara Täjigistan kompaniýalary we önümleri barada zerur maglumatlary bermäge hemişe taýýardyr.

Goşmaça maglumat:

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek resmi sapary bilen Täjigistan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna we Konsultatiw duşuşygyndan soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana eden sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine, şol sanda ykdysadyýetiň hususy pudagynda täze itergi beren birnäçe döwletara we pudagara resminamalara gol çekilmegi bilen bellendi.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda geçirilen Täjik-Türkmen işewürler forumynyň giň gerimde gepleşiklerine gatnaşdy. Onda iki ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem ykdysady we senagat hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026