HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýylda türkmen harytlarynyň üpjünçiligi Emirliklere 13% ýokarlandy

Iýun 26, 2024 | 01:30 |10093
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard 290 million ABŞ dollaryna ýetdi we 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3%, import 16.2% ýokarlandy.2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard 290 million ABŞ dollaryna ýetdi we 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3%, import 16.2% ýokarlandy.
Çeşme: orient.tm

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard 290 million ABŞ dollaryna ýetdi we 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3%, import 16.2% ýokarlandy.

Türkmenistan esasan hem himiýa senagatynyň, ýangyç we energiýa toplumynyň, oba hojalygy pudagynyň önümleri we beýlekileri eksport etdi. Şeýle-de Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerinden metallurgiýa senagatynyň önümlerini, ulaglary, enjamlary we mehanizmleri, öý üçin önümleri we ş.m import etdi diýip, sişende güni Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynda eden çykyşynda belledi.

4 Форум (7).jpg

Bilelikdäki işewürlik çärelerini geçirmek, BAE-de we Türkmenistanda guralan sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hususan-da, Türkmenistan 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Abu-Dabide geçirilen maýa goýum forumyna we öz çäginde geçirilen sergilere, şeýle hem 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen “Organik EXPO” sergisine öz milli pawiliony bilen gatnaşdy. Häzirki wagtda BAE-de geçiriljek esasy sergilere gatnaşmak üçin işler alnyp barylýar.

4 Форум (13).jpg

Kerimberdi Gurbanow, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu ugurda täze esasy resminamalary kabul etmegiň zerurdygyny, bu ösüşiň ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini guramagyny talap edýändigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026