HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara Olimpiýa güni 2024: taryhy we däpleri

Iýun 26, 2024 | 10:39 |9893
Her ýylyň 23-nji iýunynda Halkara Olimpiýa güni bellenilýär.Her ýylyň 23-nji iýunynda Halkara Olimpiýa güni bellenilýär.
Çeşme: kp.ru

Her ýylyň 23-nji iýunynda Halkara Olimpiýa güni bellenilýär.

Häzirkizaman Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýylda täzeden geçirilip başlady, ýöne Halkara Olimpiýa gününiň senesini hemmeler bilmeýär. Bu güni bellemek baradaky çözgüt 1948-nji ýylyň ýanwar aýynda Halkara Olimpiýa komitetiniň 48-nji mejlisinde kabul edildi. Uruşdan soňky ýyllarda halkara guramalary harby gapma-garşylyklaryň ýerine halklaryň arasyndaky dialogy öňe sürüp başladylar.

Bu sene 1894-nji ýylyň 23-nji iýunynda bolup geçen wakanyň hormatyna saýlanyp alyndy. Hut şol gün baron Pýer de Kuberten Halkara Olimpiýa komitetiniň döredilendigini yglan etdi.

Bu sene birbada kän bir meşhur bolmady. Diňe 1957-nji ýylda bu sene barada täzeden ýatladylar. 1977-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti 23-nji iýunda sport we beýleki çäreleri geçirmegi maslahat berdi.

Halkara Olimpiýa gününiň däpleri

Bu senäni baýram etmegiň häzirki däpleri 30 ýyl mundan ozal ýola goýuldy. 1987-nji ýylda dünýäniň 45 ýurdunda köpçülikleýin sporty wagyz etmek maksady bilen, 10 kilometr aralyga Olimpiýa ylgaw ýaryşlary geçirildi. Häzirki wagtda şeýle mini-marafonlar 200-e golaý ýurtda geçirilýär.

Ýurtlaryň milli olimpiýa komitetleri 10 kilometr aralygy özleriçe üýtgedip bilýärler, bu bolsa oňa gatnaşyjylaryň sanynyň artmagyna getirýär.

Olimpiýa gününde sport çäreleri bilen birhatarda meşhur türgenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary, leksiýalar, sergiler we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ilerletmäge ýardam berýän beýleki çäreler geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026