HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ak şäher Aşgabat we onuň ýaşyl ösüş ugurlary

Maý 26, 2024 | 23:02 |16566
Anyk bilemok, ýöne türkmen paýtagty dünýäde iň çalt ösýän şäherleriň biri diýip hasaplaýaryn. Mundan başga-da elbetde  Arkadag şäheri sanlyja ýyllarda çalt depginde gözümiziň alnynda gurlan we Merkezi Aziýanyň ilkinji akylly şäher diýen ada eýe boldy.Anyk bilemok, ýöne türkmen paýtagty dünýäde iň çalt ösýän şäherleriň biri diýip hasaplaýaryn. Mundan başga-da elbetde  Arkadag şäheri sanlyja ýyllarda çalt depginde gözümiziň alnynda gurlan we Merkezi Aziýanyň ilkinji akylly şäher diýen ada eýe boldy.
Çeşme: orient.tm

Anyk bilemok, ýöne türkmen paýtagty dünýäde iň çalt ösýän şäherleriň biri diýip hasaplaýaryn. Mundan başga-da elbetde Arkadag şäheri sanlyja ýyllarda çalt depginde gözümiziň alnynda gurlan we Merkezi Aziýanyň ilkinji akylly şäher diýen ada eýe boldy.

25-nji maýda türkmen paýtagtynda Aşgabat şäheriniň güni bellenildi. Däp bolşy ýaly, bu senäniň hormatyna 136 iki gatly kottejlerden ybarat bolan ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem, düýpgöter döwrebaplaşdyrylandan soň täzelenen ýangyç guýujy bekedi işe girizildi. Çäreler umumy baýramçylyk, aýdym-sazly çykyşlar, köpçülikleýin dabaralar, hemmeler birek-biregi gutlamak bilen dowam etdi...

Mundan başga-da, Aşgabatda anna we şenbe günleri türkmen paýtagtynyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşalanan sergi geçirildi. Sergi eýýäm ýigrimi üçünji gezek geçirilip häsiýeti boýunça köpugurly bolup, däp bolşy ýaly “Ak şäherim Aşgabat” diýlip atladyryldy.

2 (9).jpg

Şeýle-de bolsa pikir oýumyzda, 10-15 ýyl yza gaýdyp gelsek, şol döwürde türkmen paýtagtynyň daşky görnüşiniň häzirki döwürden düýp göter özgerendigini görmek bolýar. Bu geçirlen serginiň ilkinjisi ýadymda-da däl. Arhiw suralaryna syn edeniňde-de ol suradaky şähere Aşgabat däl-de, başga bir şäher diýip pikir edip bilersiňiz.

Ynanmak kyn, ýöne ilkinji we häzirki sergini deňeşdirenimizde (we bu bary-ýogy 23 ýyl), öňümizde iki sany dürli şäheriň keşbi peýda bolýar.

Esasy zat, pes gatly binalary bolan adaty bir şäheriň çaltlyk bilen ak mermerli binalary asmana göterilen ýaşaýjysy milliona ýetýän megapolisa öwrülmegi bilen çäklenmän, Aşgabadyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni we sport merkezine öwrülendigini görmek bolýar.

Häzirki wagtda paýtagty şeýle görýäris we 160-dan gowrak gatnaşyjy öz önümlerini, üstünliklerini we täze pikirlerini hödürlän köpugruly serginiň ekspozisiýalarynda aýdyň öz beýanyny tapdy.

Hemişe bolşy ýaly, Aşgabat sergisine gatnaşanlaryň arasynda Russiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary bardy.

3 (6).jpg

Türkmen bazaryndaky daşary ýurtly öňde barjylarynyň arasynda geljegi uly we möhüm ugurlary uzak maksatly ösdüren Türkiye bar.

Belli bir sebäplere görä, diňe bir Aşgabatda däl, eýsem tutuş ýurt boýunça ösüş ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen sergä gatnaşýanlaryň aglaba köpüsi gurluşyk pudagy bilen gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn baglanyşykly.

4 (7).jpg

Beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ýokary bäsdeşlige ukyby bolan Hytaý kompaniýalary ynamly orna we hatda mukdar taýdan artykmaçlyga eýe.

Şeýle-de bolsa, Hytaýly önüm öndürijiler geljege köp üns berýär. Bular diňe bir gurluşyk we senagat kompaniýalary däl, eýsem ýörite enjamlary, aragatnaşyk tehnologiýalaryny, elektrik ulaglaryny we energiýa infrastrukturasyny öndürijilerdir.

5 (9).jpg

Dogry, elektrik ulagyndaky täzelikler Türkmenistanda entek giňden ýaýramady we hemmesi adaty motor ýangyjynda işleýärler. Geljekde howa üçin amatly tehnologiýalaryň boljakdygyny göz öňünde tutup, içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan ulaglaryň eýeleriniň elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanma ýüze çykyp başlaýar.

Döwlet eýeçiligindäki önüm öndürijiler bilen birlikde, türkmen telekeçileri öz öndürýän önümlerini görkezdiler, olaryň mukdar we hil taýdan ösüşi haýran galdyrýanmagyny dowam edýär.

6 (4).jpg

Olaryň ösüşleri we başlangyçlary şäher keşbine täzeçillik we telekeçilik ruhuny goşup, ykdysady landşaftyň möhüm elementine öwrülýär.

Ösüşiniň netijesinde “Ak şäherim Aşgabat” atly sergisi ýyllar boýy diňe bir üstünlikleri görkezmek üçin meýdança bolman, eýsem şäheriň we tutuş ýurduň geljekdäki ösüşi üçin uly itergi güýç boldy.

7 (3).jpg

Paýtagtyň sergisinde diňe bir harytlar we hyzmatlar däl, eýsem ekologiýa we durnukly ösüş ugurly taslamalar hem görkezildi. Ekologiýa medeniýetiniň we oňa habarlylygyň ýokarlanmagy Aşgabadyň ýaşaýjylary we işewür toparlary üçin barha möhüm ugra öwrülýär we bular sergide görkezilen ugurlarda aýdyň görünýärdi.

“Toprak” HK başlygy Röwşen Aýdogdyýew ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň oba hojalygynyň galyndylaryny, dokma senagatyny we gaýtadan işlenen galyndy kagyzlaryny ulanyp, dürli gasynlanan materiallary, gasynlanan karton, ofset kagyzy we ş.m. öndürýändigini buýsanç bilen aýtdy.

8 (4).jpg

  • Şeýle etmek bilen, birinjiden, açyk meýdana gidýän galyndylary azaldýarys, ikinjiden, degişli önümleri öndürmek üçin adatça ulanylýan agaçlary kesmekden saklanýarys. Bu biziň daşky gurşawy gorap saklamak üçin elimizden gelen goşandymyzdyr.

  • Ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini hasam giňeltmek isleýärsiňizmi? - men soradym.

  • Bir gezeklik ulanylýan çemçe, wilkalar, tabaklar we ş.m. tebigatda onlarça ýa-da ýüzlerçe ýyllap çüýräp dargaýan plastmassadan ýasalýar. Häzirki wagtda bu önümleri pagta galyndylaryndan, galyndy kagyzlaryndan we beýleki tebigatda tiz dargaýan materiallardan öndürmek mümkinçiligini öwrenýäris "-diýip, Röwşen Aýdogdyýew ýakyn geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşdy.

9 а.jpg

... Serginiň çäginde iň köp ara alnyp maslahatlaşylan meseleriň biri-de şäherde ekologiýa taýdan arassa ýerleri döretmek başlangyjydyr. Aşgabat şäher häkimligi we hususy kärhanalar raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze pikirleri, tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak üçin yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar.

Sergide hödürlenen ösüşiň ýene bir möhüm ugry şäher infrastrukturasynyň sanlaşdyrylmagy boldy. Akylly tehnologiýalar şäher durmuşynyň köp ugurlaryna, ýol hereketini dolandyrmakdan başlap, raýatlara onlaýn döwlet hyzmatlaryna girmek mümkinçiligine çenli ornaşdyrylýar.

9 б.jpg

Daşky gurşaw we tehnologiki täzelikler bilen birlikde sergide medeni dürlülige-de köp orun berildi.

Bu ýere gelýänler türkmen halkynyň däp bolan senetleri bilen tanşyp, milli aşhanadan we elbetde gündogaryň süýjüleriniň tagamyndan lezzet alyp bilerler.

10 (2).jpg

“Ak şäherim Aşgabat” atly sergisi diňe bir türkmen paýtagtynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda tejribe we pikir alyşmak üçin meýdança boldy.

11 (3).jpg

Şeýlelik bilen, türkmen paýtagtyna bagyşlanan bu gezekki köpugurly sergi Aşgabadyň bir ýerde durmaýandygyny tassyklady, öňe gişdişlik we ösüş islegi bilen geň galdyrmagy we ylham bermegini dowam etdirdi. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen paýtagty geljege okgunly şäherdir.

12.jpg

Bularyň hemmesi Aşgabadyň ýaşlygyna garamazdan. Hatda çagalyk ýyllaryna garamazdan, taryhy ülňüler boýunça, ene-atalary bilen sergä baryp gören we türkmen paýtagtynyň ajaýyp geljeginde ýaşajak çagalaryň ýaşy bilen deňeşdirip bilerin.

13 (1).jpg

Бекдурды АМАНСАРЫЕВ

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026