HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar

Maý 14, 2024 | 14:22 |8481
Kazandaky «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar.Kazandaky «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar.
Çeşme: bernama.com

Kazandaky «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar.

«Tatar-inform» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, forum «Russiýanyň eksport merkezi» («Российский экспортный центр») paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Weronika Nikişinanyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň subýektlerinde «Halkara hyzmatdaşlyk we eksport» milli taslamasyny durmuşa geçirmek meselesi baradaky maslahat bilen açyldy.

Şeýle hem ministrler derejesindäki mejlisler geçiriler, olaryň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar we möhüm meselelere garalar.

«Agropomparkda» Russiýanyň iň iri halal-platformasy bolan «Kazan Halal Market» sergisi öz işine başlar. Onda bütin dünýäden 4,5 müňden gowrak görnüşli önüm görkeziler.

Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlarynyň ruhy müdirliginde bellenilişi ýaly, bu ýer täze döredilen haryt nyşanlarynyň onlarçasynyň özlerini ykrar etdirip biljek ýeri. Bu meýdança azyk önümlerini, kosmetika harytlaryny, egin-eşikleri, esbaplary, aksessuarlary we öý goşlaryy satmak üçin açyldy.

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy 2009-njy ýyldan bäri her ýyl Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýär. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň karary bilen bu çäre 2023-nji ýyldan başlap federal derejä eýe boldy.

Bu çäre 19-njy maýa çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026
Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

15:00 Sentýabr 05, 2026