HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

Maý 14, 2024 | 12:15 |10971
2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi çaga önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm waka bolmak bilen, kompaniýalara bazaryň bu ugrunyň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi çaga önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm waka bolmak bilen, kompaniýalara bazaryň bu ugrunyň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
Çeşme: eventindustrynews.com

2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi çaga önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm waka bolmak bilen, kompaniýalara bazaryň bu ugrunyň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çaga hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasion önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek meýdançasydyr. «Kids Expo» diňe bir kärhanalar üçin meýdança bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň bazary üçin açyk penjirä öwrüler. Sergi bütin dünýäden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Türkmen Ekspo» kompaniýasy bilen bilelikde guralar.

Mowzuklar:

  1. Täze doglan çagalar we bäbekler üçin önümler.
  2. Mekdep harytlary (kanselýariýa harytlary, çagalar mebelleri)
  3. Çagalaryň bilimi we terbiýesi.
  4. Oýnawaçlar we öwrediji esbaplar.
  5. Çagalaryň durmuşynda tans, aýdym-saz we sungat.
  6. Çagalaryň saglygy we howpsuzlygy.
  7. Çagalaryň biliminde innowasion tehnologiýalar.
  8. Çagalar edebiýaty we okamak.
  9. Sport we beden taýdan ösüş.
  10. Döredijilik we çeperçilik işi.
  11. Ekologiýa bilimi we durnuklylyk.
  12. Çagalaryň modasy we stili.
  13. Çagalar üçin güýmenje we çäreler (dynç alyş üçin hemme zat).
  14. Sungat we aýdym-saz terbiýesi.
  15. Inklýuziw bilim we aýratyn ösüş zerurlygy bolan çagalara ideg.
  16. Maşgala gymmatlyklary we bilim.
  17. Çagalaryň howpsuzlygy tehnologiýalary.
  18. Azyk önümleri we çagalary sagdyn iýmitlendirmek.
  19. Maşgala dynç alyşlary we çagalar bilen syýahat etmek.
  20. Çaga psihologiýasy we ösüşi.
  21. Çagalar üçin internet howpsuzlygy tehnologiýalary.
  22. Çagalaryň ösmeginde ene-atalaryň orny.
  23. Çagalaryň syýahatçylygy we syýahaty.
  24. Çagalar üçin interaktiw zolaklary açmak.
  25. Çagalar üçin döredijilik çäreleri we ussatlyk sapaklary.

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergisine gatnaşmak bilen kompaniýalar aşakdaky mümkinçiliklere eýe bolarlar:

Haryt nyşanyňyzy hem-de önümleriňizi Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň bazarynda ilerletmek üçin ajaýyp mümkinçilik;

Türkmenistandan, Merkezi Aziýadan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar bilen uzak möhletleýin işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak mümkinçiligi;

Müňlerçe myhmanlaryň we potensial müşderileriň öňünde önümleriňizi tanyşdyrmak;

Ýeňillikli şertler esasynda gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik (uçuşlary guramak, ýaşaýyş we wiza goldawy).

Gatnaşmak ýa-da has giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky maglumatlar arkaly biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Şeýle hem şu salga ýüztutmaňyzy iberip bilersiňiz.

Tel.: +99365096027, +99362006200

Email: magtymguly.hojamyradov@turkmenexpo.com

www.kids.turkmenexpo.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026