HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň hökümetiniň täze düzümi

Maý 14, 2024 | 09:25 |7509
7-nji maýda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin wezipä girişenden soňra, ozalky hökümet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy.7-nji maýda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin wezipä girişenden soňra, ozalky hökümet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy.
Çeşme: culture.ru

7-nji maýda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin wezipä girişenden soňra, ozalky hökümet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy.

10-njy maýda Wladimir Putin tarapyndan premýer-ministr wezipesine täzeden bellenen Mihail Mişustin täze hökümeti düzdi.

Mişustin täze hökümete ozal onuň düzümine girmedik döwlet işgärlerini dalaşgär hökmünde hödürledi. Habarowsk ülkesiniň gubernatory Mihail Degtýarow RF-niň sport ministri, Kemerow oblastynyň gubernatory Sergeý Siwilýow energetika ministri, Kursk oblastynyň gubernatory Roman Starowoýt ulag ministi, Kaliningrad oblastynyň gubernatory Anton Alihanow bolsa senagat we söwda ministri wezipelerine hödürlenildi.

Oba hojalyk ministriniň birinji orunbasary Oksana Lut oba hojalyk ministri wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenildi.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, ministrleriň aglaba bölegi ozalky wezipelerinde galarlar. Olaryň hatarynda daşary işler ministri Sergeý Lawrow, içeri işler ministri Wladimir Kolokolsew, adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy heläkçileriň netijelerini aradan aýyrmak boýunça ministr Aleksandr Kurenkow bar.

Goranmak ministri wezipesine birinji wise-premýer Andreý Belousow hödürlenildi. Russiýanyň Goranmak ministrligine ozal ýolbaşçylyk eden Sergeý Şoýgu Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.

Birinji wise-premýeriň wezipesine ozalky senagat we söwda ministri Denis Manturow hödürlenildi. Mundan başga-da, ozalky oba hojalyk ministri Dmitriý Patruşew wise-premýer wezipesine hödürlenildi.  

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026