HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýerli zehinleri ösdürmek: “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasynyň şu ýylda ilkinji boş iş orunlarynyň ýarmarkasy

Maý 13, 2024 | 10:06 |9791
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasy  Türkmenistanyň energetika syýasatyna ygrarlylygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýerli zehinleri ösdürmek maksady bilen, şu ýylda ilkinji boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny gurady. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirilen çärä tutuş ýurdumyzdan 1 müňe golaý adam gatnaşdy.“Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasy  Türkmenistanyň energetika syýasatyna ygrarlylygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýerli zehinleri ösdürmek maksady bilen, şu ýylda ilkinji boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny gurady. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirilen çärä tutuş ýurdumyzdan 1 müňe golaý adam gatnaşdy.
Çeşme: “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD” tarapyndan berildi

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD” kompaniýasy Türkmenistanyň energetika syýasatyna ygrarlylygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýerli zehinleri ösdürmek maksady bilen, şu ýylda ilkinji boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny gurady. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirilen çärä tutuş ýurdumyzdan 1 müňe golaý adam gatnaşdy.

Çäräni “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD” kompaniýanyň ýerine ýetiriji baş direktory jenap Ismadi Bin Ismail hem-de kompaniýanyň bölümleriniň ýolbaşçylary resmi taýdan açdylar. Tutuş günüň dowamynda kompaniýanyň hünärmenleri nebitgaz senagatynyň dürli ugurlary, şol sanda “Petronas” kompaniýasynyň 2050-nji ýyla çenli öz işinde uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylaryny nol derejä düşürmek boýunça öňünde goýan maksady, zähmeti goramagyň, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň we daşky gurşawy goramagyň möhümdigi barada çykyş etdiler.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölüminiň hem bu çärä gatnaşandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasy boldy.

Boş iş orunlarynyň ýarmarkasy oňa gatnaşanlara kompaniýadaky boş iş orunlary baradaky maglumaty gönüden-göni öwrenmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, gatnaşyjylara iňlis dili boýunça synag geçmäge we deslapky tehniki söhbetdeşliklere gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Bu kompaniýa ýerli zehinleriň ösüşi üçin maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. INSTEP (Petronasyň nebitgaz tehnologiýalar instituty) institutynda tehniki hünärmenleri işe kabul etmezden ozal taýýarlamak boýunça maksatnama şeýle başlangyçlaryň aýdyň mysalydyr. Bu maksatnamanyň çäklerinde dürli hünärdäki 235 ýerli tehniki hünärmenler bilim aldylar. Mundan başga-da, “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasy 162 ýerli zehinleri “Petronas” tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaga iberdi. Olaryň aglabasy häzirki wagtda bu kompaniýada zähmet çekýärler.

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasynyň bu ugurdaky tagallalary onuň Türkmenistanda iň gowy hyzmatdaş, şeýle hem iň gowy iş beriji hökmünde özüni görkezmäge çalyşýandygyny tassyklaýar. Kompaniýa adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we durnukly ösüşe ýardam bermek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hemişelik goldaw bermegi netijesinde boş iş orunlaryň ýarmarkasy üstünlikli geçirildi. “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa hem-de Onuň Alyhezreti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa malaýziýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna berýän goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.

Boş iş orunlarynyň ilkinji ýarmarkasy “Petronas Çarigali (Türkmenistan) SDN BHD ” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ösüşine we abadançylygyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026