HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär

Maý 11, 2024 | 09:46 |9302
Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär. Bu barada Şanhaý şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirligi habar berýär.Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär. Bu barada Şanhaý şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirligi habar berýär.
Çeşme: english.shanghai.gov.cn

Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär. Bu barada Şanhaý şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirligi habar berýär.

Bu maksatnama Ctrip ady bilen belli bolan Trip.com Group syýahatçylyk platformasy tarapyndan ýola goýuldy hem-de tölegsiz ulag, ýolbelet, internet, daşary ýurt puluny çalyşmak ýaly hyzmatlary göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, kompaniýa goşmaça arzanlaşyklary hödürleýär. Meselem: bir sowgatlyk önümi satyn alana ikinjisi mugt berilýär, şeýle hem syýahatçylar arzan bahalardan awiapetekleri satyn alyp bilerler.

Ctrip-iň daşary ýurt marketingi boýunça direktory Çžan Çenszeniň aýtmagyna görä, bu başlangyç Şanhaýa has köp syýahatçy çekmäge gönükdirilendir.

Oňa gatnaşmak üçin ýolagçylar Şanhaýyň Pudun halkara howa menzilinde tranzit wagtyny hasaba almak bilen özleri üçin amatly ugry saýlap almalydyrlar. Ugurlaryň üçüsi hem 6 sagatdan uzaga çekmeýär we howa menzilinde başlap, ol ýerde hem tamamlanýar.

Maslahat berilýän ugurlar:

Birinji ugur (9:00-dan 14:00-a çenli): Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili – Ýuýuan seýilbagy – deňiz kenary – Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili.

Ikinji ugur (16:00-dan 22:00-a çenli): Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili – deňiz kenary – Ukan-roud – Ýuýuan seýilbagy – deňiz kenary – Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili.

Üçünji ugur (18:00-dan 23:00-a çenli): Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili – Huanpu derýasy boýunça gezelenç – Ýuýuan seýilbagy – Şanhaýyň Pudun halkara howa menzili.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026