HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Telegramda töleg ulgamy peýda bolar

Maý 11, 2024 | 09:32 |8575
Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.
Çeşme: forbes.ru

Telegram messenjerini esaslandyryjy telekeçi Pawel Durow täze hyzmatyň - Bot Payments töleg ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.

“Öz Telegram sahypaňyzda habar ýazyp, gerek zatlaryňyzy sargyt etmegi göz öňüňize getirip görüň. Munuň üçin biz bu gün botlar arkaly töleg etmek hyzmatyny hödürleýäris. Bu hyzmat botlara öz ulanyjylarynyň töleglerini kabul etmäge mümkinçilik berer” – diýlip, Durowyň habarynda bellenilýär.

Dürli söwda ulgamlarynyň, media platformalaryň öz botlary bar, Telegramda bu botlar söhbetdeş hökmünde çykyş edýär. Olar ulanyjylara dürli amallary amala aşyrmaga, şol sanda bonus kartlaryny hasaba goýmaga, harytlar baradaky maglumatlary anyklamaga ýa-da gysga buýruklary girizmek arkaly agza bolmaga mümkinçilik berýär.

Töleg ulgamy birikdirilen bot ulanyjysyna ýörite töleg buýrugyny girizmegi teklip eder. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjy diňe bir gezek öz bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli bolar, soňra bolsa ol satyn almalary adaty amallar arkaly amala aşyryp biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026