HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy boldy

Maý 08, 2024 | 18:15 |8193
Çarşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň  açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.Çarşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň  açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

Çarşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Bäherden sement zawodynyň täze önümçilik desgasy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir. Edil şonuň ýaly kuwwatlylygy bolan ikinji desga ýakynda, şu ýylyň martynda Lebap sement zawodynyň binýadynda açylyp ulanmaga berildi.

2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar diýip, Döwlet habarlar agentliginiň habarynda bellenilýär.

Iri senagat toplumynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, onda sementiň uly isleg bildirilýär «PS-400», «PS-500», «PS-600» görnüşleri sulfata durnukly portlandsement öndüriler. Zawodyň gurluşygynda hem-de önümçilik ýola goýlanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi.

Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deňdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026