HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň indiki mejlisleriniň birini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi

Maý 01, 2024 | 14:29 |10076
2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň binasynda Edara ediş-býujet komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň binasynda Edara ediş-býujet komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň binasynda Edara ediş-býujet komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistana ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Söwda-senagat edarasynyň sergiler we ýarmarkalar bölüminiň başlygy Kemal Amanow hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy Serdar Atagylyjow wekilçilik etdiler.

Mejlis komitetiň prezidenti, Antigua we Barbudu wekilçilik edýän Karan-Meý Hilliň giriş sözi bilen açylandan soňra bolsa baş sekretar Dimitriý Kerkenztes çykyş etdi. Soňra mejlisiň gün tertibi hem-de 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen ozalky mejlisiň teswirnamasy tassyklanyldy. Soňra bolsa Gabonyň wekili Edara ediş-býujet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

Soňra komitet 2023-nji maliýe ýyly üçin auditoryň hasabatyny diňledi, soňra Expo Osaka 2025 peýdasyna ýygymlar boýunça tölegleriň senenamasyna seredildi. Şeýle hem gün tertibine täze agza döwletleriň töleglerini bellemek baradaky mesele girizildi.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy geçen ýyl kabul edilen “Türkmenistanda Halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda Halkara sergiler býurosynyň indiki mejlisleriniň birini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Bu teklip komitetiň sekretariaty, şeýle hem agzalary tarapyndan makullanyldy we kabul edildi.

Häzirki wagtda komitetiň düzümine Andorra, Angola, Antigua, Barbuda, Bangladeş, Kipr, Fransiýa, Gabon, Şweýsariýa we Türkmenistan girýär. Geçen ýyl Baş Assambleýanyň 173-nji mejlisinde Türkmenistan Edara ediş-býujet komitetiň agzalygyna saýlanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026