HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde geçen okuw sapagynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara-alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 25, 2024 | 10:18 |9014
Hytaýyň Halk uniwersitetiniň Sebiti öwreniş we ýurtlary öwreniş insitutynda “Merkezi Aziýadaky häzirki ýagdaý we Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hymatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi.Hytaýyň Halk uniwersitetiniň Sebiti öwreniş we ýurtlary öwreniş insitutynda “Merkezi Aziýadaky häzirki ýagdaý we Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hymatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: cgtn.com

Hytaýyň Halk uniwersitetiniň Sebiti öwreniş we ýurtlary öwreniş insitutynda “Merkezi Aziýadaky häzirki ýagdaý we Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hymatdaşlyk” atly okuw maslahaty geçirildi. Öňdebaryjy hytaý alymlary Merkezi Aziýada howpsuzlyk we ösüş meselelerini, şeýle hem Hytaý bilen sebit ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.

HHR-niň Döwlet geňeşiniň ýanynda Ýerwopa we Aziýa sosial ösüş institutynyň direktorynyň orunbasary professor Sýuý Tao energetika ulgamynda, hususan-da, gazgeçiriji taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalara gyzyklanmalaryň barha artýandygyny aýtdy. Bu bolsa täze ykdysady görnüşlerde we pudaklarda ikitaraplaýyn hymatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hytaý jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň dirketorynyň orunbasary “Hytaý + Merkezi Aziýa” sammitiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyrylan ylalaşyklar we ýola goýlan hyzmatdaşlyk ugurlary bilen berkidilen uzakmöhletleýin ykdysady we söwda gatnaşyklaryna esaslanyp, bu formatyň binýadynda täze köptaraplaýyn ykdysady we maýa goýum düzümlerini döretmegi teklp etdi.

Şeýle hem okuw maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň hilini ýokarlandyrmagyň, onuň ylym, tehnika, maliýe, sanly ykdysadyýet, oba hojalygy we kiçi telekeçilik ýaly täze ugurlaryny gözlemegiň möhümdigi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026