HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdy

Aprel 19, 2024 | 01:06 |7689
Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.
Çeşme: dunyanews.tv

Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda sebitleýin taslamalar we başlangyçlar boýunça özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda premýer-ministr iki ýurduň arasynda ýokary derejeli alyşmalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem Muhammad Şehbaz Şarif ikitaraplaýyn institusional mehanizmleriň çäklerinde yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini hem belläp geçdi.

Ilçi premýer-ministre bu wezipä gaýtadan saýlanmagy mynasybetli türkmen ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny ýetirdi. Premýer-ministr gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Muhammad Şehbaz Şarif olar bilen duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we geljekde hem bu duşuşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi premýer-ministre meýilleşdirilýän dürli ikitaraplaýyn çäreler barada habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026