HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýär

Aprel 18, 2024 | 23:38 |6202
Türkmenistanda ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry «Demirgazyk – Günorta» halakara ulag geçelgesi boýunça gönüden-göni deňiz ulagy arkaly Russiýanyň Olýa goýberiş nokadyna getirildi. Munuň özi Türkmenbaşy portundan ýük bölümlerinde ter pomidorlar bolan tirkegli 40 sany ulag ýüklenen ilkinji parom gatnawydyr. Çalt zaýalanýan harytlary daşamak üçin zerur temperaturaly ýörite konteýnerler ulanyldy diýip, Astrahanyň KHBS-y penşenbe güni habar berdi.Türkmenistanda ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry «Demirgazyk – Günorta» halakara ulag geçelgesi boýunça gönüden-göni deňiz ulagy arkaly Russiýanyň Olýa goýberiş nokadyna getirildi. Munuň özi Türkmenbaşy portundan ýük bölümlerinde ter pomidorlar bolan tirkegli 40 sany ulag ýüklenen ilkinji parom gatnawydyr. Çalt zaýalanýan harytlary daşamak üçin zerur temperaturaly ýörite konteýnerler ulanyldy diýip, Astrahanyň KHBS-y penşenbe güni habar berdi.
Çeşme: astrakhan-news.net

Türkmenistanda ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry «Demirgazyk – Günorta» halakara ulag geçelgesi boýunça gönüden-göni deňiz ulagy arkaly Russiýanyň Olýa goýberiş nokadyna getirildi. Munuň özi Türkmenbaşy portundan ýük bölümlerinde ter pomidorlar bolan tirkegli 40 sany ulag ýüklenen ilkinji parom gatnawydyr. Çalt zaýalanýan harytlary daşamak üçin zerur temperaturaly ýörite konteýnerler ulanyldy diýip, Astrahanyň KHBS-y penşenbe güni habar berdi.

800 tonna pomidor ýüki Russiýa türkmen telekeçileri tarapyndan eksport edildi. Indi Hazaryň üstünden geçen tagamly gök önümler russiýalaryň saçagyny bezär.

Russiýanyň şäherlerine haryt ibermek üçin Astrahanyň gümrük gullugynyň Olýa deňiz portunyň gümrük nokadyna 80-den gowrak üstaşyr geçiş beýannamasy gowşuryldy. Nokadyň işgärleri awtoulaglaryň ulag gözegçiligini hem amala aşyrdylar: resminamalaryň talabalaýyklygyny we möhürleriň abatlygyny barladylar, şeýle hem üstaşyr geçiş beýannamalaryny mümkin boldugyça çalt resmileşdirdiler.

«Bagtyýar» paromy Türkmenistana 42 sany ýük awtoulagyna ýüklenen 800 tonna belarus peýniri, Russiýanyň süýt önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen ugrady.

Parom gatnawynyň işe girizilmegi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyryp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda üçin täze mümkinçilikleri açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026