HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary işler ministrliginde Pakistanyň ilçisi bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 18, 2024 | 22:15 |5393
16-njy martda, penşenbe güni Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.16-njy martda, penşenbe güni Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy martda, penşenbe güni Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Taraplar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösýändigini nygtadylar diýip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika pudagynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň meseleleri barada pikir alyşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Bir gün öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň täze ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026