HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi

Aprel 16, 2024 | 20:46 |8751
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok iki ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdi. Türkiýede Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli 16-njy aprelde Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde fotosergi görnüşinde guralan kabul edişlikde çykyş edip, ilçi türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belledi.Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok iki ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdi. Türkiýede Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli 16-njy aprelde Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde fotosergi görnüşinde guralan kabul edişlikde çykyş edip, ilçi türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belledi.
Çeşme: orient.tm

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok iki ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdi. Türkiýede Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli 16-njy aprelde Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde fotosergi görnüşinde guralan kabul edişlikde çykyş edip, ilçi türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belledi.

2.jpg

Ol resmi statistika maglumatlaryna salgylandy. Bu maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň syýahatçylyk saparlarynyň 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 167 % artdy we 120 928-e deň boldy.

Şeýle hem Ahmet Demirok Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Stambul – Aşgabat ugry boýunça gatnawlary hepdede 9 gezekden 11 gezege çenli köpeldendigini, “Türkmenhowaýollary” bolsa häzirki wagtda bu gur boýunça hepdede 10 gatnawy amala aşyrýandygyny nygtady.

3.jpg

Türk ilçisi ýakyn wagtda Ankara – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň ýola goýuljakdygy barada habary berdi, onuň aýtmagyna görä, munuň üçin ähli degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ol geçen ýyl Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýä saparlaryň guralandygyny we bu gün hem Türkiýä Türkmenistanyň wekilleriniň toparynyň ugrandygyny habar berdi. Olar 16-20-nji aprelde Şanly Urfa we Gaziantep şäherlerinde guraljak taryh we gastranomiýa boýunça medeni maksatnamalara gatnaşarlar.

4.jpg

Ilçi Ahmet Demirok medeni gatnaşyklar barada hem durup geçdi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň oktýbar aýynda Türkiýä resmi saparynyň dowamynda beýleki resminamalar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem gol çekilendigini belledi.

5.jpg

Şunuň bilen baglylykda, ilçi Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklarynyň 2024-nji ýylda has-da işjeňleşdiriljekdigini aýtdy we türk medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça meşgullanýan gaznanyň – Ýunus Emre adyndaky institutyň Aşgabatda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026