HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan talyplara gapylaryny açýar

Aprel 04, 2024 | 10:32 |6600
2023-nji ýylda Russiýa okamak üçin 355 müňden gowrak talyp geldi we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 425 müňe ýetmegine garaşylýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýurtlaryndan talyplar okuwda aýratyn işjeň gatnaşyp bilerler.2023-nji ýylda Russiýa okamak üçin 355 müňden gowrak talyp geldi we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 425 müňe ýetmegine garaşylýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýurtlaryndan talyplar okuwda aýratyn işjeň gatnaşyp bilerler.
Çeşme: Canva

2023-nji ýylda Russiýa okamak üçin 355 müňden gowrak talyp geldi we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 425 müňe ýetmegine garaşylýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýurtlaryndan talyplar okuwda aýratyn işjeň gatnaşyp bilerler.

Russiýanyň BRIKS guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzmek üçin alternatiw ulgam döretmek pikiri ýüze çykdy. Bu çemeleşme dürli ýurtlardaky uniwersitetlere ylmy ölçeglere esaslanyp we milli bilim ulgamlarynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, has adalatly we takyk baha bermäge mümkinçilik döreder. Bu başlangyja eýýäm Eýranda gyzyklanma bildirildi, bu ýurt bilen uniwersitetara we ylmy hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bilim, hünär we ylmy derejeleri, şol sanda lukmançylyga degişli hünärleri ykrar etmek boýunça hökümetara ylalaşygyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berilýär. Bu ylalaşyklara Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 24 ýurt bilen eýýäm gol çekildi we täze taslamalar häzirki wagtda dürli tassyklama tapgyrlaryndadyr. Şeýle hem Russiýa Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň talyplaryna mugt bilim almak üçin bölünip berilýän orunlaryň sanyny artdyrýar. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 262 000-den gowrak raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde okadylar, olaryň 84 000-den gowragy Russiýanyň býujetiniň hasabyna bilim aldy.

Lukmançylyk ylymlary, ykdysadyýet, programma inženerçiligi, dolandyryş, informatika we kompýuter ylymlary, şeýle hem halkara gatnaşyklary YHG-e agza ýurtlardan gelen talyplaryň arasynda iň meşhur hünärlerdir.

Geçen ýyl «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda hyzmatdaşlygyň täze mehanizmleri, şol sanda bilelikdäki ylmy taslamalar boýunça köptaraplaýyn ýaryşlary geçirmek teklip edildi. Bu ýylky forumyň has täze başlangyçlary we taslamalary özüne çekmegine, şeýle hem Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ylym we bilim pudagyndaky bilelikdäki işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026