HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda birinji aprel nähili bellenilýär

Aprel 01, 2024 | 16:04 |19674
Birinji aprel gündelik durmuşymyzda şadyýan we aladasyz durmuşy ýatladýan gün. Bu gün oýunlar we degişmeler bilen doludyr. Emma bu şädyýan däp nireden gelip çykdy we näme üçin Türkmenistanda-da beýle meşhur boldy?Birinji aprel gündelik durmuşymyzda şadyýan we aladasyz durmuşy ýatladýan gün. Bu gün oýunlar we degişmeler bilen doludyr. Emma bu şädyýan däp nireden gelip çykdy we näme üçin Türkmenistanda-da beýle meşhur boldy?
Çeşme: Canva

Birinji aprel gündelik durmuşymyzda şadyýan we aladasyz durmuşy ýatladýan gün. Bu gün oýunlar we degişmeler bilen doludyr. Emma bu şädyýan däp nireden gelip çykdy we näme üçin Türkmenistanda-da beýle meşhur boldy?

Gülki gününiň ýa-da birinji apreliň taryhy gadymy döwürlere uzaýar. Bir maglumatda ol 1-nji aprelde Ýiti degişme festiwaly (Hilaria) bellenilen gadymy Rim bilen baglanyşdyrylýar. Başga bir maglumatda 1-nji apreli bellemek däbiniň XVI asyrda Fransiýada ýüze çykandygy öňe sürülýär, ýagny 1564-nji ýylda patyşa Karl IX täze senenama girizip, täze ýylyň başyny 1-nji aprelden 1-nji ýanwara geçirýär. Bu üýtgeşmäni duýmadyklar ýa-da ony kabul etmedikler degişmeler we oýunlar bilen bilelikde aprel aýynyň başynda Täze ýyly bellemegi dowam etdiripdirler.

Dürli ýurtlarda baýramçylygyň däpleri biraz tapawutlanyp biler, ýöne esasy aýratynlyklar öňküligine galýar: degişmeler, oýunlar, hatda käte metbugatda çap edilen toslama hekaýalar. Adamlar bu günüň gyzykly we ýatda galyjy bolmagy üçin biri-birleri bilen degişýärler.

Türkmenistanda 1-nji aprel beýleki ýurtlardaky ýaly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Baýramçylygy bellemek däbi Sowet mirasy bilen baglanyşyklydyr. Sowet Soýuzy döwründe bu gün gülki we degişme güni hökmünde bellenilýärdi. Ilatyň göwnüni götermek we gündelik durmuşa şatlyk çaýmak üçin radioda we telewideniýede köp sanly göwün açyjy gepleşikler berilýärdi, metbugatda neşirler çap edilýärdir.

Internetiň we sosial ulgamlaryň ösmegi bilen, degişmek hem-de oýun etmek däbi Türkmenistanyň sanly giňişligine hem ýaýrady. Adamlar dostlaryny we tanyşlaryny geň galdyrmak hem-de güldürmek üçin täsin ýazgylary, üstünde işlenen fotosuratlary we wideolary işjeň paýlaşýarlar.

Gülki güni Türkmenistanda resmi baýramçylyk däl, ýöne ol barha meşhurlyk gazanýar, esasanam ýaşlaryň arasynda. Bu gündelik aladalardan ünsüňi sowmak, wagtyňy şatlykly geçirmek we şadyýan duýgular arkaly güýç toplamak üçin mümkinçilikdir. Ol degişme duýgusyny ösdürýär we adamlara özlerini örän çynlakaý kabul etmezligi öwredýär.

Biraz göwnüňizi açmak üçin, geliň, özüne çekiji «Hakykat ýa-da Ýalan» atly synag oýny bilen hakykat bilen toslanan maglumaty tapawutlandyrmak ukybyňyzy synap göreliň!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

14:20 Iýul 24, 2026
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026