HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň We MDHGI-Ň rektorynyň duşuşygy

Mart 24, 2024 | 19:23 |7929
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

1.jpg

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklaryň şu günki ýeten ýokary derejesini aýratyn nygtap geçdiler.

2.JPG

Rektor A.Torkunow häzirki wagtda MDHGI-da Türkmenistanyň raýatlaryndan bolan 28 sany talybyň bilim alýandygyny habar berip, olaryň jogapkärçilik derejeleriniň ýokarydygy we okuwlaryna erjel çemeleşýändikleri, şeýle hem ykrar edilen ýokary okuw mekdebiniň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary barada belläp geçdi.

3.JPG

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Federal döwlet awtonom bilim berýän ýokary bilim edarasy bolan “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň)” arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşyga geldiler.

4.JPG

Şeýle hem taraplar, MDHGI-y bilen Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlygyň bar bolan potensialyny doly möçberde peýdalanmagyň zerurdygy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we peýdalanmak babatynda MDHGI-ň toplan uly tejribesini türkmen hünärmenleriniň öwrenmeklerine ýardam bermek baradaky mesele maslahatlaşmanyň esasy temasy boldy.

Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ruhunda geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026