HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy

Mart 20, 2024 | 20:19 |7823
Şu gün, 20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.Şu gün, 20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.
Çeşme: Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şu gün, 20-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Tbiliside bahar baýramy bolan Nowruzyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

1.jpg

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň ilçihanalary özleriniň milli tagamlary, süýjülikleri hem-de halk senetçilik önümlerini hödürlediler.

Your browser does not support HTML5 video.

Türkmen pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, nesip elde dokalan halylar, suratlar, milli egin-eşikler, şaý-sepler we sowgatlyklar bilen bezeldi.

2.jpg

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkiminiň orunbasary K.Guledani, Tbilisi şäher geňeşiniň başlygy G.Tkemaladze, şeýle-de ilçiler gutladylar.

3.jpg

Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda Nowruz galkynyşyň, gülläp ösmegiň we täzelenşiň nyşany bolmak bilen halklary birleşdirýändigini hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine binýadygyny nygtady. Ol şu günki çäre ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarynda dostluk we özara düşünişmek ugrunda alnyp barylýan işleri berkitmek üçin ýene bir ädim boljakdygyny aýtdy.

4.jpg

Ol çäräni gurnaýjylaryna minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

5.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026