HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» saýlanyldy

Mart 18, 2024 | 15:08 |12659
Ajaýyp bahar baýramçylygynyň – Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.  2-4-nji synplarda okaýan ýaş ýyldyzlar öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.Ajaýyp bahar baýramçylygynyň – Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.  2-4-nji synplarda okaýan ýaş ýyldyzlar öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ajaýyp bahar baýramçylygynyň – Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 2-4-nji synplarda okaýan ýaş ýyldyzlar öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady. Çäräniň maksady diňe bir ýaş zehinleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, ösüp gelýän ýaş nesilde milli medeniýete we el işlerine söýgi döretmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşdiler: aýdymlary we goşgulary ýerine ýetirmek sungaty, milli egin-eşiklerini wasp etmek we ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, el işlerinde başarnyklaryny görkezmek.

Emin agzalaryna ýeňijini saýlamak ýeňil düşmedi. «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» adyna Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa mynasyp boldy.

Birinji orny Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýmelek Gylyçmyradowa, ikinji orny Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýlar Çaryýewa üçünji orny bolsa Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa eýeledi.

Ýeňijileriň we gatnaşyjylaryň ählisine Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşik asylly däp boýunça gözellik, zehin we bahar şatlygynyň baýramçylygyna öwrüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026