HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Belli Tilsimat» 1C programmasy boýunça okuw sapaklaryna çagyrýar

Mart 19, 2024 | 13:43 |9229
«Belli Tilsimat» türkmen kompaniýasy 1-nji aprelden başlap, 1C programmasyny professional derejede özleşdirmek boýunça intensiw okuw sapaklaryny geçirýär. Bu okuw 1C platformasynda buhgalterçilik we programmirleme bilimlerini hem-de başarnyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.«Belli Tilsimat» türkmen kompaniýasy 1-nji aprelden başlap, 1C programmasyny professional derejede özleşdirmek boýunça intensiw okuw sapaklaryny geçirýär. Bu okuw 1C platformasynda buhgalterçilik we programmirleme bilimlerini hem-de başarnyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Çeşme: sso.urfu.ru

«Belli Tilsimat» türkmen kompaniýasy 1-nji aprelden başlap, 1C programmasyny professional derejede özleşdirmek boýunça intensiw okuw sapaklaryny geçirýär. Bu okuw 1C platformasynda buhgalterçilik we programmirleme bilimlerini hem-de başarnyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

«1C Buhgalteriýa: amaly peýdalanylyşy» okuwy diňleýjiler üçin buhgalterçilik hasabatyny dolandyrmak babatda täze usullary we maslahatlary özleşdirmekde, programmanyň esasy aýratynlyklaryny öwrenmekde hem-de olary amalyýetde ynamly peýdalanmakda ajaýyp mümkinçilikdir. Okuwyň dowamlylygy – 2 aý, ondan soňra siziň karýeraňyz täzeçe itergi alar.

«1C programmirlemesiniň esaslary we tehniki wezipeleriň çözülişi» okuwy diňleýjilere 1C dilinde programmirlemegiň dünýäsini açar we bu platforma içgin düşünmäge ýardam berer, şeýle hem başga ulgamlardaky maglumatlar, hasabatlar we integrasiýalar bilen işleşmek ukybyny özleşdirmäge mümkinçilik berer. Okuwyň dowamlylygy – 6 aý, ol hersi 3 aý dowam edýän okuwlar görnüşinde geçirilip, hünär mümkinçilikleriňizi artdyrar.

«Belli Tilsimat» kompaniýasynyň ussat hünärmenler topary türkmen bazarynda innowasion tehnologiýalar hem-de sanly çözgütler ulgamyna degişli 300-den gowrak taslamany işläp düzmek we işe girizmek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky kärhanalaryň netijeli iş alyp barmagyna goşant goşdular.

Kompaniýanyň esasy üstünlikleriniň biri hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň deňiz kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherindäki kärhanalarynyň işewürlik amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça taslamasy bolup, ol «1C:ERP Kärhanany dolandyrmak 2» programma üpjünçiliginiň binýadynda amala aşyryldy. Bu taslama Halkara deňiz portuny, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny hem-de «Türkmendeňizdeýaýollary» agentliginiň beýleki kärhanalaryny bitewi ulgamda jemläp, ulanyjylaryň birbada 800-sine elýeterliligi üpjün etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026