HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

NVIDIA 6G ulgamynda barlaglar üçin “bulut” platforma bilen tanyşdyrdy

Mart 20, 2024 | 10:29 |7587
Grafiki prosessorlary we çipdäki ulgamlary işläp taýýarlaýjy NVIDIA kompaniýasy mobil aragatnaşygyň altynjy nesli bolan 6G ulgamynda barlaglar üçin “bulut” platformasyny işläp taýýarlady.Grafiki prosessorlary we çipdäki ulgamlary işläp taýýarlaýjy NVIDIA kompaniýasy mobil aragatnaşygyň altynjy nesli bolan 6G ulgamynda barlaglar üçin “bulut” platformasyny işläp taýýarlady.
Çeşme: servernews.ru

Grafiki prosessorlary we çipdäki ulgamlary işläp taýýarlaýjy NVIDIA kompaniýasy mobil aragatnaşygyň altynjy nesli bolan 6G ulgamynda barlaglar üçin “bulut” platformasyny işläp taýýarlady.

6G Research Cloud platformasy radio elýeterlilik torlarynyň (RAN) ulgamynda emele intellekti ornaşdyrmak üçin gurallaryň toplumydyr. Kompaniýada belleýişleri ýaly, bu platforma kärhanalara we guramalara 6G hyzmatlaryny ösdürmegi tizleşdirmäge mümkinçilik berer.

NVIDIA-nyň täze işläp taýýarlamasy esasy üç düzümden ybaratdyr.

Birinjisi--NVIDIA AerialOmniverse Digital Twin for 6G ulgamy. Bu ulgam 6G ulgamyny bir diňden tutuş şäheriň möçberine çenli takyk modelirlemäge mümkinçilik berýär.

Ol programma arkaly kesgitlenilýän RAN stimulýatorlardan we ulanyjynyň enjamyndan, şeýle hem ýeriň we obýektleriň hakyka meňzeş häsiýetleriniň toplumyndan ybaratdyr. Anyk meýdança baradaky maglumatlaryň esasynda bu ulgam barlag işlerini geçirijilerine binýatlaýyn stansiýanyň işiniň algoritmlerini modelirlemäge we döretmäge, şeýle hem maglumat geçişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hakyky wagt tertibinde emeli intellekt modellerini okatmaga mümkinçilik berýär.

Ikinji--6G torlaryny programmirlemek, sazlamak we test etmek üçin niýetlenen NVIDIA Aerial CUDA-Accelerated RAN düzümi. Üçünji düzümi bolsa, NVIDIA SionnaNeural Radio Framework freýmworkdyr. Ol PyTorch we TensorFlow ýaly meşhur platformalara birikmegi üpjün edýär.

Barlag-synag işlerini geçirýänler NVIDIA 6G Research Cloud-y 6G ulgamynda dürli taslamalary amala aşyrmak üçin ulanyp bilerler.

Bu ulgamy ilkinji ulanyjylaryň hatarynda – Ansys, Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi (ETH Zurich), Fujitsu, Keysight, Nokia, Demirgazyk-Gündogar uniwersiteti (Northeastern University), Rohde&Schwarz, Samsung, SoftBank we Viavi bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026