HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy

Mart 19, 2024 | 09:24 |9780
Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy. Bu nyşan emirligiň Dubaýy “geljegiň şäherine” öwürmek maksady bilen, alyp barýan ösüş ýoluny alamatlandyrýar.Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy. Bu nyşan emirligiň Dubaýy “geljegiň şäherine” öwürmek maksady bilen, alyp barýan ösüş ýoluny alamatlandyrýar.
Çeşme: arabianbusiness.com

Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy. Bu nyşan emirligiň Dubaýy “geljegiň şäherine” öwürmek maksady bilen, alyp barýan ösüş ýoluny alamatlandyrýar.

Täze nyşan Dubaýyň mirasdüşer şazadasy şeýh Hamdan bin Mohammed bin Raşid Al Maktumyň başlyklyk etmeginde geçen Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde tanyşdyryldy.

“Biz Dubaýyň ozalky nyşanyny täzeledik we ony Dubaýyň Hökümeti üçin täze nyşan hökmünde kabul etdik” diýip ol belledi.

Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşi täze nyşany ornaşdyrmaga jogapkärli edara bolup durýar. Döwlet düzümlerine täze nyşany ornaşdyrmak üçin 6 aýlyk geçiş möhleti berildi.

Täze nyşanda Laçynyň (Ol hakykaty we mertebäni alamatlandyrýar) hem-de sahylygyň we myhmansöýerligiň nyşany bolan Palma agajynyň şekili bar.

Şeýle hem nyşanda baýdak we çeýeligiň, ezberligiň, birek-birege hormat goýmagyň we ylalaşykda ýaşamagyň milli nyşany hökmünde Gaf ýapraklary ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde jemi 40 milliard dirhemlik 2024-2026-njy ýyllar üçin döwlet- hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň Dubaý maksatnamasy kabul edildi. Mundan başga-da, mirasdüşer şazada emirligiň “Elýeterli ýaşaýyş jaýy” syýasatyny hem-de 100 sany tehnologik kärhanalary işiniň ilkinji tapgyrynda goldamaga niýetlenen ýörüte taslamasyny makullady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026