Elektronika.tm onlaýn-dükany Hotpoint tosterleriniň giň görnüşlerini hödürleýär


Elektronika.tm onlaýn-dükany ulanyşda amatly we howpsuz Hotpoint tosterleriniň giň görnüşlerini hödürleýär.
Ertirlik naharynda iýlen kibirdeýän tostlar sizde uzak günüň dowamynda ýakymly duýgulary galdyrar. Islege görä, gyzdyrylan çörek bölejikleriniň ýanyna ter gök önümleri, peýnir, şöhlat, süýji zatlary gowy görýänler bolsa, jem alyp bilerler. Şeýle ertirlik nahary diňe bir tagamly bolman, eýsem, örän peýdaly hem bolar.

Diýetologlar çöregi guradylan görnüşde iýmegi maslahat berýärler. Tosterler çöregiň gurluşyny üýtgedip, ony siňdirmek üçin has ýeňil edýärler. Ýöne, şunda tosty siňdirmek üçin adamyň bedeni köp kaloriýa sarp edýär, şoňa gör-de, bu tagam horlanmak isleýänler üçin peýdalydyr. Tostyň düzüminde B,С witaminleri hem-de magniý, demir we immun ulgamy berkidýän beýleki köp elementler bar.
Taryhdan:
Çörek tostlary iňlis aşhanasynyň däp bolan tagamy hasaplanylýar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda ony açyk oduň üstündäki ýörite gözenekde taýýarlapdyrlar. Bu iş bilen aşhanadaky hyzmatkärler meşgullanypdyr we saçaga äberilýänçä olar kän bir gyzgyn we hoşboý ysly bolmandyr.
Ilkinji awtomatiki usulda işleýän tostere patenti 1919-njy ýylda amerikaly Çarlz Straet alypdyr. Onuň enjamy çöregi şol bir wagtyň özünde iki tarapyndan hem gyzdyrypdyr we wagt hasaplaýan taýmeri bolupdyr. Rele elektrik toguny öçürende, ýörite pružin taýyn bolan çöregi tosteriň içinden daşyna zyňypdyr. Şeýle tosterler giň ulanyşda 1926-njy ýylda peýda bolupdyr.
XX asyryň 40-50-nji ýyllarynda awtomatiki usulda işleýän elektrik toster her bir aşhananyň adaty enjamyna öwrülýär. Sanlyja minudyň içinde ol gyzdyrylan, tagamly we peýdaly çörek bölejiklerini taýýarlaýar.
Toster saýlanylanda birnäçe esasy aýratynlyklara üns bermek zerur:
Tosteriň kuwwaty onuň işiniň tizligini we hilini kesgitleýär. Köplenç tosteriň kuwwatlylygy 600 Wt-den 1500 Wt çenli bolýar. Tosteriň kuwwaty näçe ýokary bolsa çörek şonça-da çalt gyzdyrylýar. Eger-de siz tostlary tiz we gyradeň gyzdyrmak isleseňiz ýokary kuwwatly tosterleri saýlaň.
Tosterleriň bölümleri 2 ýa-da 4 çörek bölejikleri üçin niýetlenendir. Bölümleriň sanyny siz öz islegiňize görä saýlap bilersiňiz.
Tosteriň korpusynyň materialy onuň daşky görnüşine we berkligine täsir edýär. Onuň korpusynda köplenç plastik, metal we polat ulanylýar.
Käbir tosterlerde doňy çözmek, gyzdyrmak, gyzdyrmagyň derejesini sazlamak ýaly goşmaça funksiýalar bolýar. Size haýsy goşmaça funksiýalar gerekdigini kesgitläň we şoňa görä tosteri saýlaň.
Tosteriň ölçegleri we dizaýnyny hem nazara almak gerek. Ol siziň aşhanaňyza ýa-da iş gurşawyňyza laýyk gelmeli.
Şeýlelikde, tostere häzirki zaman aşhanasynda peýdaly enjam diýip aýtmak bolar we ony satyn almak üçin azyndan birnäçe sebäp bar:
Amatlylyk we tizlik. Tosteriň kömegi bilen siz tostlary, bagetleri ýa-da ýönekeý çörek böleklerini aňsatlyk bilen taýýarlap bilersiňiz. Tosterde dürli iş tertipleri bolup, ol tagam taýýarlamak işini ýeňilleşdirýär.
Wagt tygşytlylygy. Toster sanlyja minudyň içinde ertirlik naharyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Siz howur peji ýa-da sajy ulanman, şol birwagtyň özünde birnäçe çörek bölejiklerini gyzdyryp bilersiňiz.
Gyradeň gyzdyryş.Tosterde çörek iki tarapyndan hem gyradeň gyzdyrylýar. Bu bolsa onuň kibirdäp durmagyny üpjün edýär.
Arassalamakda ýeňillik. Tosterlerde çörek ownuklaryny ýygnamak üçin ýörite çekmeje bolýar. Tosteri ulanyp bolanymyzdan soňra, çekmejäni çykaryp, ýuwmak ýa-da süpürmek ýeterlikdir.
Energiýa tygşytlylygy. Tosterler howur peçden ýa-da beýleki iri aşhana enjamlaryndan energiýany has az sarp edýärler. Bu bolsa elektrik energiýasyna çykdajylary azaltmaga ýardam berýär.
Görnüşleriň köpdürlüligi. Bazarda tosterleriň dürli-dürli dizaýnly örän köp görnüşleri bar. Siz özüňiz üçin amatly islendik görnüşdäki enjamy saýlap bilersiňiz.
ORIENT news








