HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zehin bäsleşigi: Türkmen binagärlik-gurluşyk instituty olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

Mart 15, 2024 | 12:17 |8215
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» ugry boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny yglan etdi diýip, TDBGI-niň resmi saýtynda habar berilýär.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» ugry boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny yglan etdi diýip, TDBGI-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşme: TDBGI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» ugry boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny yglan etdi diýip, TDBGI-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Olimpiada gatnaşmaga okuw ugruna we hünärine garamazdan ähli isleg bildirýänler çagyrylýar. Gatnaşyjylary hasaba almaklyk 28-nji marta çenli dowam eder.

Olimpiada 29-njy martda onlaýn tertibinde özbaşdak ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň geçiş tertibi 6 meseläni öz içine alýar we olary çözmek üçin 120 minut wagt berilýär. Gatnaşyjylar işlemek üçin türkmen, iňlis ýa-da rus dilini saýlap bilerler. Bäsleşigiň ýeňijilerini türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden düzülen eminler topary kesgitlär.

Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Mundan başga-da, meseleleri adaty däl usulda çözen talyplara Ýörite diplomlar gowşurylar. Bäsleşigiň maksady döredijilik ukyplary bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, nazary bilimleri, amaly endikleri kämilleşdirmekden, şeýle hem ylmy-gözleg işlerine gyzyklanmany artdyrmakdan ybaratdyr.

Olimpiadanyň geçiriliş düzgünleri bilen tanyşmak, şeýle hem hasaba alynmak üçin şu salgy arkaly institutyň saýtyna ýüz tutup bilersiňiz

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026