HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek Kanton ýarmarkasyna çakylyk aldylar

Mart 15, 2024 | 21:10 |6207
Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.
Çeşme: bkdelta.ru

Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.

Bu ýarmarka tutuş dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin iň möhüm we meşhur çäreleriň biridir.

Kanton ýarmarkasy 1957-nji ýyldan bäri ýaz we güýz aýlarynda geçirilýär.

Onuň her mejlisi 5 günlik 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyryň arasynda 4 gün arakesme berilýär. Tapgyrlaryň 3-si hem Pazhou Complex toplumynda geçiriler.

Birinji tapgyr 2024-nji ýylyň 15-19-njy aprel aralygynda, ikinji tapgyr 23-27-njy aprel aralygynda, üçünji tapgyr 1-5-nji maý aralygynda geçiriler.

Öňdebaryjy önümçilige bagyşlanan birinji tapgyrda maşyngurluşyk we elektroenjamlar ýaly pudaklar, şeýle hem hytaý önümçiliginiň täze ugruny görkezmek maksady bilen, ýokary tehnologiýalar pudagy tanyşdyrylar. Şolaryň hatarynda elektron önümler we öý-hojalyk tehnikasy, enjamlar, awtomobiller we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk materiallary bar.

“Ýokary hilli öý durmuşy” atly ikinji tapgyrda öý hojalygynda ulanylýan dürli ýokary hilli önümler, sowgatlyk harytlary, öý bezegleri tanyşdyrylar.

“Has gowy durmuş” ady bilen geçjek üçünji tapgyrda dokma önümleri, derman serişdeleri, azyk harytlary görkeziler.

Umuman, on müňlerçe önüm öndüriji bu sergide bir ýerde jemlener.

Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler 21-23-64/75 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026