HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we gurluşyk önümleri uly islegden peýdalandy

Mart 14, 2024 | 11:24 |7736
Çarşenbe güni, 13-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem gurluşyk önümleri uly islegden peýdalandy.Çarşenbe güni, 13-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem gurluşyk önümleri uly islegden peýdalandy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Çarşenbe güni, 13-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem gurluşyk önümleri uly islegden peýdalandy.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň hem-de Maltanyň telekeçileri az kükürtli ýakyş mazudyny, «SN-350» we «SN-600» kysymly binýatlyk ýagy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen telekeçileri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 14 067 000 manatlyk we 29 527 200 dollarlyk 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026