HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Wena ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Mart 14, 2024 | 01:14 |5864
Wenada türkmen-awstriýa Komissiýasynyň egindeş başlyklary iýun aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçiriljek 12-nji mejlisiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.Wenada türkmen-awstriýa Komissiýasynyň egindeş başlyklary iýun aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçiriljek 12-nji mejlisiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: cci.gov.tm

Wenada türkmen-awstriýa Komissiýasynyň egindeş başlyklary iýun aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçiriljek 12-nji mejlisiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-awstriýa toparyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we Awstriýanyň Federal Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň ykdysady meseleler, innowasiýa we halkara syýasaty boýunça Baş direktory Florian Frauşer ýolbaşçylyk edýärler.

Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we iki ýurduň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalar hem geçirildi. Bu nukdaýnazardan bilelikdäki toparyň indiki mejlisiniň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Duşuşyk, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilivetiniň Awstriýa amala aşyran saparynyň çäginde geçirildi.

Saparyň esasy çäresi Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Awstriýanyň 26 sany kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Awstriýanyň Federal ykdysady Palatasynda geçirilen «tegelek stol» boldy.

Wenadaky duşuşyklaryň dowamynda şu ýylyň ahyrynda Awstriýanyň ykdysady missiýasynyň Aşgabat şäherine boljak nobatdaky sapary barada hem ylalaşyk gazanyldy we “Türkmenistan - Awstriýa” Işewürler geňeşini döretmek hem teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026