«Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Köýtendag etrabynda «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Täze zawod ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir. Kärhana dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlaryny ulanmak arkaly bu möhüm gurluşyk serişdesiniň ekologiýa taýdan arassa önümçiligini üpjün eder.
Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberini azaltmak üçin kärhanada kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.
Barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi zawoddaky önümçilik işine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem bardyr.
Onuň gurluşygynda «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagyny üpjün etmek we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek ýörelgelerinden ugur aldy.
ORIENT news








