HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagyny TDG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi

Mart 13, 2024 | 09:41 |4696
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagyny Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagyny Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.
Çeşme: minenergo.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagyny Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Ol bu barada Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň barşynda mälim etdi.

Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder. Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar. Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň serişdelerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026