Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türk teleýaýlymyna beren interwýusy: aýdylanlardan esasylar


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmed Germez bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlara agentligi mälim edýär. Interwýuda beýan edilen esasy bölekleri dykgatyňyza ýetirýäris.
— Türki halklaryň asly birdir. Bu ýagdaý özara gatnaşyklarymyza aýratyn many-mazmun berýär. Garaşsyz, özygtyýarly döwletler bolsak-da, biz uzak möhletli maksatlarymyzyň we bähbitlerimiziň umumydygyny ýatdan çykarmaýarys. Türki halklaryň taryhy, häzirki hem geljekki orny baradaky düşünjelerimiz biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, şahsyýetara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigine düşünýäris.
— Meniň pikirimçe, türki döwletleriň Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri hökmündäki ornuny dikeltmek häzirki döwürde esasy wezipeleriň biridir.
— Türkmenistan üçin türki döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek örän möhüm bolan geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar.
— Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy we onuň düzümleri bilen işleşmäge taýýar. Häzirki döwürde türkmen tarapy Türki söwda-senagat edarasyna girmek üçin arza berdi. Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki akademiýa girmek meselesini-de öwrenýäris.
— TDG-niň iki bitewi maksady: Bir tarapdan, ony türki ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýän gurama, beýleki bir tarapdan bolsa, geljegi uly, ygtybarly iri halkara hyzmatdaş hökmünde görýärin.
— Häzirki döwürde biziň öňümizde örän uly, uzak möhletli wezipeler durýar. Dünýäniň geoykdysady ýagdaýynyň çalt üýtgemelerine özüniň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmek, mümkinçiliklerimizi öz ornumyzy berkitmek üçin ulanmak, häzirki zamanyň innowasiýa, sanly şertlerinde öň hatarda bolmak, ählumumy «ýaşyl» gün tertibine işjeň goşulyşmak wezipeleri durýar.
— Şeýle hem dünýäde türki medeniýeti, biziň halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni, ynsanperwer mirasyny, türki edebiýatçylarynyň, sazandalarynyň, suratkeşleriniň, kinematograflarynyň üstünliklerini giňden ýaýmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.
— Türki döwletler bilen gatnaşyklarymyzyň ösýändigi barada-da aýdyp geçeýin. Bu gatnaşyklar hakyky doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormatyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de onuň gadyryny bilýäris. Hyzmatdaşlygymyzy geljekde-de giňelderis we baýlaşdyrarys. Muny halklarymyzyň düýpli bähbitleriniň, abadançylygynyň, parahatçylykly we durnukly ösüşiniň hatyrasyna amala aşyrarys.
— Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar — Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň, Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
— Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda sanlar bilen beýan edip bolmaýan düşünjeler hem bar. Munuň özi doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürýän we halklarymyzy birleşdirýän birek-biregiň ykbalyna dahylly bolmak duýgusydyr. Bu bolsa bilelikdäki üstünliklerimiziň esasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýäniň häzirki döwürde ýola goýan we geljekde has-da ilerletjek gatnaşyklarynyň binýadydyr.
ORIENT news








