HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyk hakynda täze ylalaşyga gol çekdiler

Mart 11, 2024 | 18:27 |11612
Wena şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.Wena şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.
Çeşme: bmeia.gv.at

Wena şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024/25-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama hussusan-da, Owganystan, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we bikanun migrasiýa garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Şallenberg diňe bir çäk taýdan däl, eýsem ählumumy howpsuzlyk nukdaýnazaryndan hem Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özara baglanyşdyryjy köpri bolup hyzmat edýän Merkezi Aziýanyň barha artýan geosyýasy ähmiýetini belledi. Awstriýaly ministriň bellemegine görä, Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenistan hem sebit ösüşi üçin oňyn görkeziji bolup durýar.

Owganystandaky ýagdaýlar, aýratyn-da, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we bikanun migrasiýa garşy göreşmek ýaly ugurlar ara alyp maslahatlaşmalaryň üns merkezinde boldy. Türkmenistanyň we Owganystanyň özara serhetleşýän 800 kilometrden gowrak serhet çägi bar, Owganystanda bolsa, 3 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň häzirki Hökümetiniň arasynda howpsuzlyk we ynsanperwer ugurlarda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistany Owganystanyň üsti bilen Pakistan we Hindistan bilen özara baglanyşdyrjak TOPH gaz geçirijisi ýaly ykdysady bähbitler ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri hem maslahatlaşyldy. Şunda Awstriýanyň kompaniýalarynyň maşyngurluşyk we senagat enjamlary, saglygy goraýyş ulgamlarynyň infrastrukturalaryny giňeltmekde toplan uly tejribesi bilen paýlaşyp biljekdigi bellendi.

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Wena şäherine saparynyň barşynda sişenbe güni awstriýaly kompaniýalaryň gatnaşmagynda tegelek stolyň başynda işewürlik çäresi geçiriler.

Iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bilelikdäki ykdysady toparyň ikitaraplaýyn mejlisi barada hem gürrüň edildi.

Şallenberg hyzmatdaşlyk üçin umumy meýdança hökmünde ÝHHG-niň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga türkmen kärdeşini çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026