Türkmen ÝOM-leriniň ýolbaşçylary Awstriýadaky Gras Tehniki uniwersitetine baryp gördüler


Iki sany türkmen ÝOM-niň - Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary 11-nji martda duşenbe güni Awstriýanyň Gras Tehniki uniwersitetine baryp gördüler.
Daşary işler ministrliginiň HGI-niň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we TITU-nyň rektory Gurbanmyrat Mezilow ýokary okuw mekdebiniň ylmy işleri, okuw jaýy we okuw işiniň guralyşy bilen tanyşdy. Gras Tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, bilelikde seminarlary geçirmek, ylmy gözlegler we okuw materiallaryny alyşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Gras Tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gras TU inženerçilik, binagärlik, tebigy ylymlar we kompýuter ylymlary ýaly birnäçe okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Ol gözleg-inženerçilik we tehnologiýa innowasiýalaryna ünsi jemleýär. Uniwersitetde “Connecting-Austria” Ösen materiallar merkezi, Kuwwat birlikleri we awtoulag tehnologiýasy instituty we Gurluş inženerçilik instituty ýaly birnäçe gözleg institutlary we merkezleri bar.

Soňky ýyllarda Gras TU gözleg we akademiki ussatlygy üçin Awstriýanyň we Ýewropanyň iň oňat uniwersitetleriniň hataryna goşuldy. Uniwersitetde 100-den gowrak ýurtdan daşary ýurtly talyplar we alymlar işleýär.
Türkmen ÝOM-leriniň rektorlary 11-13-nji mart aralygynda Awstriýa sapar edýän wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümindedir.
ORIENT news








