Russiýanyň Prezident saýlawlarynda 144 ýurtda saýlaw uçastoklary hereket eder
Mart 12, 2024 | 09:05 |8384


15-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçjek Prezident saýlawlarynda 144 ýurtda 295 saýlaw uçastogy hereket eder. Bu barada RF-iň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Pawel Andreýew habar berdi.
“RF-iň çäkleriniň daşynda 144 döwletde 295 saýlaw uçastogy, şol sanda Baýkanur şäheriniň çäginde 7 saýlaw uçastogy döredildi” diýip, RIA “Nowosti” habar berýär.
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 4 dalaşgär: “Nowyýe lýudi” partiýasyndan Wladislaw Dawankow, LDPR partiýasyndan Leonid Sluskiý, KPRF partiýasyndan Nikolaý Haritonow hem-de raýatlar toparlaryndan Wladimir Putin gatnaşar.
ORIENT news








