HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan “IndiaAI” başlangyjyny işläp taýýarlaýar

Mart 11, 2024 | 11:07 |6688
Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.
Çeşme: 9111.ru

Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.

Taslama strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek we döwlet we hususy düzümleriň ýakyn hyzmatdaşlygy arkaly emeli intellekt ulgamynda innowasiýalary çaltlandyrmak üçin toplumlaýyn ekoulgamy emele getirmegi göz öňünde tutýar. Onuň durmuşa geçirilmegine 1,24 milliard dollar bölünip berler.

Şeýlelikde, Hindistan 10 müň GPU-dan az bolmadyk grafik prosessorly superkompýuteri döretmegi meýilleşdirýär. Bu 10 müň ýa-da ondan hem köp grafiki prossesory bolan birnäçe superkompýuterden ýa-da dürli ulgamlaryň uly möçberinden ybarat bolup biler.

Bu başlangyjyň çäklerinde “IndiaAI” innowasiýalar merkezi dörediler, şeýle hem “IndiaAI-yň” goşundylaryny işläp taýýarlamak boýunça maksatnama işe giriziler. Döwlet bu ugurdaky startaplary maliýeleşdirer we emeli intellekt ugry boýunça bilim ulgamynyň işini işjeňleşdirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026