Özbegistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli türkmen kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny iberdi. Özbek Lideriniň gutlag haty şu gün resmi metbugatda çap edildi.
“Özbek we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň hem-de syýasy erkimiziň netijesinde gün-günden pugtalandyrylýandygy guwandyryjydyr” diýlip, hatda bellenýär.
Şunda Prezident Şawkat Mirziýoýew soňky ýyllarda ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň, gazanylan möhüm ylalaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine we doganlyk halklaryň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
“Şu mübärek günlerde Beýik Allatagaladan Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş dileýärin” diýlip, hatda bellenýär.
ORIENT news








