HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Yragyň Energetika ministrligi sarp edilişiň iň güýjeýän möwsümine çenli türkmen gazynyň iberilmegine umyt bildirýär

Mart 11, 2024 | 00:59 |7017
Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadel ministrligiň energiýa önümçiligini artdyrmak, şol sanda Türkmenistandan we Katardan energiýa çeşmelerini import etmegi bilen baglanyşykly meýilnamalary barada aýtdy.Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadel ministrligiň energiýa önümçiligini artdyrmak, şol sanda Türkmenistandan we Katardan energiýa çeşmelerini import etmegi bilen baglanyşykly meýilnamalary barada aýtdy.
Çeşme: alrasheedmedia.com

Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadel ministrligiň energiýa önümçiligini artdyrmak, şol sanda Türkmenistandan we Katardan energiýa çeşmelerini import etmegi bilen baglanyşykly meýilnamalary barada aýtdy.

"The Iraqi News Agency" bilen bolan söhbetdeşlikde Fadel: "Biziň ýangyç stansiýalarymyz we önümçilik bölümlerimiz, import edilýän gaza takmynan 60% garaşly, onuň üpjünçiliginiň azalmagy ýa-da bes edilmegi önümçilige ep-esli derejede täsir edýär" -diýdi.

Ol häzirki döwürde tebigy gaza garaşlylygy azaltmak boýunça gysga möhletli meýilnamalaryň bardygyny, şolaryň hatarynda ýurtda bar bolan ýangyjyň kömegi bilen işleýän ýylylyk energetika taslamalarynyň görkezilýändigini aýtdy. Gazy gazyp almak boýunça maýa goýum taslamalaryny tamamlamak bilen baglanyşykly uzak möhletli çözgütler hem bar.

Fadel Türkmenistan bilen bir günde 20 million kub metr gaz import etmek barada şertnama baglaşylandygyny aýtdy. Ol: "Biziň ýüzbe-ýüz bolýan ýeke-täk meselämiz, Eýran torundan başga Türkmenistandan Yraga gaz geçirýän birleşdirijileriň bolmazlygy. Biz bu babatda gepleşikleri geçirýäris. Eýran tarapy bu göwrümdäki gazy üstaşyr geçirmek üçin öz torundan peýdalanar, çünki ol Eýranyň gazy togtadylan halatynda Türkmenistandan gelýän 20 million gaz akymyny üpjün eder. Bu mesele häzirki wagtda öwrenilýär we Tähran bilen ylalaşyk gazanylsa, indiki tomus Türkmenistandan gelýän gazy ulanmak mümkin bolar"-diýdi.

“Eýran bilen ençeme ýyl bäri baglaşylan şertnamada Yraga günde 51 million kub metr gaz iberilmegi göz öňünde tutulýar we bu akym durnukly bolan ýagdaýynda ähli zerurlygymyzy üpjün edýär. Türkmenistandan akdyryljak 20 million kub metr gaz bu möçber azalan ýagdaýynda ulanyp bilner" diýip, Yragyň elektrik energetika ministri aýtdy.

Ol şeýle hem eýran tarapynyň gyş aýlarynda, esasanam soňky iki aýda gelýän gazyň mukdaryny azaldandygyny, munuň sowuk howa we içerki sarp edilişe bolan islegiň iki esse ýokarlanmagy, şeýle hem turbalara hyzmat etmek bilen çylşyrymlaşandygyny, ministrligiň mukaddes Remezan aýynyň başyndan kadaly üpjünçilige gaýdyp gelmäge umyt baglaýandygyny mälim etdi.

Yragyň energetika ministri Katardan gaz import etmek barada hem durup geçdi. Onuň sözlerine görä, katar tarapy bilen suwuklandyrylan gaz importy boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini we onuň iberilmegi üçin yrak tarapynyň ýörite platformanyň ýa-da gämi duralgasynynyň taýýarlanylmagyny talap edýän gämiler arkaly amala aşyrmaly boljakdygyny aýtdy. Munuň üçin bolsa, iki ýyl gerek bolar. Şeýlelikde, taslamanyň tamamlanmagy netijesinde, Katardan we Yraga eksport edip biljek islendik ýurtdan gaz satyn alnyp bilner.

Üstümizdäki tomusda, haçan-da sarp edilişiň artýan döwründe Yragyň Energetika ministrligi her gün 27 müň megawata çenli elektrik energiýasyny öndürmäge umyt baglaýar.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen Yrak Eýranyň üsti bilen "swop" meýilnamasy boýunça her ýyl 9 milliard kub metr gaz satyn almak boýunça 5 ýyl möhlet bilen Yraga türkmen tebigy gazyny satmak baradaky şertnamanyň esasy söwda şertleri boýunça Teswirnama gol çekdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026