HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

JICA, Hazaryň üstaşyr geçelgesini ösdürmek üçin Türkmenbaşy portunda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär

Mart 10, 2024 | 13:24 |11795
Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapar gurady. Duşuşykda Ýaponiýanyň wekiliýetine JICA-nyň Gündogar, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bölüminiň müdiri Kendzi Ogasahara ýolbaşçylyk etdi.Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapar gurady. Duşuşykda Ýaponiýanyň wekiliýetine JICA-nyň Gündogar, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bölüminiň müdiri Kendzi Ogasahara ýolbaşçylyk etdi.
Çeşme: customs.gov.tm

Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapar gurady. Duşuşykda Ýaponiýanyň wekiliýetine JICA-nyň Gündogar, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bölüminiň müdiri Kendzi Ogasahara ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar Türkmenbaşy deňiz portunda gümrük amallary bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon hünärmenleri Hazar halkara ulag geçelgesiniň (TMTM) ösüşini goldamak üçin gümrük pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada teklip berdiler.

2.jpg

Ara alyp maslahatlaşmalaryň ýene bir temasy, hyzmatdaş ýurtlara Ýaponiýanyň tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA okuw maksatnamalaryna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagy boldy. Hususan-da, duşuşykda JICA bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň hyzmatdaşlygynda geçiriljek “Master Trainer Programme” maksatnamasynyň okuwlaryna gatnaşmak barada aýdyldy.

Türkmenistanda bolan döwründe Ýanaponiýa Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleri Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördüler we ýurduň demir ýol agentliginde gepleşikler geçirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026