Şwesiýanyň Parlamentinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Dostluk topary döredildi


“Dunyo” habarlar agentliginiň şenbe güni beren habaryna görä, 5-nji martda Şwesiýanyň Parlamenti, Riksdagda Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Dostluk toparyny döretmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Şwesiýanyň wekiliýetiniň başlygy Born Sýoder Şwesiýanyň Parlamentinde Dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde tassyklandy.
Duşuşykda Şwesiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň ösüşi, şol sanda dialogy has-da güýçlendirmek maksady bilen bilelikdäki çäreleri guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentlerinde Şwesiýa bilen Dostluk toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň arasynda Riksdagda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Dostluk toparynyň arasynda onlaýn duşuşyklary we özara saparlary guramak barada ylalaşyk gazanyldy.
ORIENT news








