Owgan işewürleri Aşgabatda guralan serginiň örän netijeli bolandygyny beýan edýärler


Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisi tamamlanandan soň, Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Azizi 3 günläp dowam eden giň gerimli çäräniň dowamynda ýurtda öndürilen önümleriň uly möçberiniň satuwynyň amala aşyrylandygyny aýtdy.

300-den gowrak telekeçini we senagat önümlerini öndürijileriň wekillerini öz içine alan Owganystanyň ykdysadyýet wekiliýeti Türkmenistana amala aşyran 6 günlük iş saparyndan soň Kabula dolanyp geldiler. Azizi şeýle hem Owganystanda öndürilýän ak reňkli mermer daşalryna türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirendigini we onuň 100 müň kub metrini satyn almaga isleg bildirendigini aýtdy. Bu barada "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.

Sergä gatnaşan owgan täjirleriniň birnäçesi internet neşiriniň habarçylary bilen bolan söhbetdeşlikde birnäçe şertnamalary baglaşandyklaryny aýtdylar. "50 müň tonna demir, 6 müň tonna gurluşyk balkalaryny hem-de mermer daşlaryny ibermek hakynda biz bilen şertnamalar baglaşyldy. Bular Owganystan üçin uly üstünlikdir" diýlip, söhbetdeşlikde aýdylýar.

Sergä şeýle hem 15 sany zenan täjirleri we telekeçiler gatnaşdy. Olaryň sözlerine görä, olaryň öndürýän önümleri hem sergide uly gyzyklanma bilen satyn alyndy.
"Zenanlar serginiň dürli ugurlary boýunça gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar senetçilik, gymmat bahaly daşlar we haly önümleri boýunça türkmen tarapy bilen şertnamalary baglaşyp bildiler" diýip, Owganystanyň Zenanlarynyň söwda-senagat palatasynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Feriba Naseri aýtdy.
ORIENT news








