USAID we "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam edýär


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) "Merkezi Aziýada howspsuz migrasiýa" taslamasy "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda Halkara zenanlar güni mynasybetli teatrlaşdyrylan çykyşlary gurady.

Jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçileri tarapyndan guralan sahna çykyşlary migrasiýa, gender deňligi we zenanlaryň bähbitleri barada boldy.

Çykyşlaryň barşynda tomaşaçylar häzirki zaman gelin-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada ýakyndan tanyş boldular.

Çykyşlar diňe bir zenanlaryň käbir meseleleriň sahnada täsirli beýam edilmesi bolman, eýsem, möhüm durmuş meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin-de amatly meýdançany döretdi.

Bu çäre tomaşaçylara zenanlaryň durmuşda eýeleýän ähmiýetli orny, olaryň hukuklary we mümkinçilikleri barada pikirlenmäge mümkinçilik döretdi.

Bu çäre sungatyň möhüm durmuş meselelerine adamlaryň ünsüni çekip, olary çözmekde hem-de deň hukukly we inkýuziw jemgyýeti döretmekde ylham çeşmesi bolup biljekdiginiň aýdyň mysaly boldy.
ORIENT news








