HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara Nowruz güni Türkmenistanda 21-nji martda giňden bellener

Mart 08, 2024 | 12:12 |6243
Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi barada hasabat berdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda "Türkmeniň ak öýi" binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026