HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside türkmen talyplary bilen duşuşyk

Mart 07, 2024 | 21:04 |7360
2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim  türkmen talyplary we Türkmenistanyň raýatlary bilen duşuşyk geçirdi.2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim  türkmen talyplary we Türkmenistanyň raýatlary bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim türkmen talyplary we Türkmenistanyň raýatlary bilen duşuşyk geçirdi.

Çäre şu ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine, şeýle hem 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda, Ilçi “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek, bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan esasy ugurlary boýunça öňümizdäki amala aşyrylmaly işleriň we çäreleriň meýilnamasyny bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Şeýle-de ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we sosial çygyrlarynda gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi, energetika, ulag, ekologiýa pudaklarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça esasy wezipelere we beýleki meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda döwletimizde ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, hususan-da, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň geljegine aýratyn üns berilýändigi barada Ilçi aýratyn belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026